TÜRKMEN DILINDÄKI FRAZEOLOGIZMLERDE DIN BILEN BAGLY SÖZLERIŇ ULANYLYŞY

Türkmen dilindäki frazeologizmleriň düzümi, oňa girýän sözler köplenç babatda, halkyň taryhy, durmuşy, ýaşaýşy bilen baglanyşyklydyr. Söz halk tarapyndan ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylyp, şol dilde gepleýän adamlaryň aňyna düýpli ornaşmasa, frazeologizmleriň düzümine girmeýär. Bu ýagdaý türkmen dilindäki frazeologizmlere hem degişlidir. Türkmen dilindäki frazeologizmleriň birenteginiň düzüminde dini däp-dessurlar, dini düşünjeler bilen baglanyşykly sözler ýygy-ýygydan gabat gelýär. Munuň sebäbi, türkmen halkynyň yslam dinini kabul edeninden bäri geçen döwürde köpsanly sözüň arap, pars dillerinden türkmen diline aralaşyp, diliň leksikasynda belli bir orun eýelemegi, ýagny diliň şol sözleri kabul edip, öz sözlük düzümine siňdirmegi bilen baglanyşyklydyr.Beýle diýildigi, diliň leksikasynda köp wagtyň dowamynda ulanylyp, wagtyň synagyndan geçmedik sözleriň frazeologizmleriň düzümine aralaşyp bilmeýändigini aňladýar. Öňde belläp geçişimiz ýaly, düzüminde dini düşünjeler bilen baglanyşykly sözleri saklaýan frazeologizmleriň berýän göçme manysy din bilen bagly bolup hem, bolman hem biler. Ýöne, şonda-da frazeologizmiň düzümindäki dini häsiýetli söz şol frazeologizmiň umumy manysyna düýpli täsir edýär. Türkmen dilinde dini düşünjeler bilen baglanyşykly sözler diňe bir frazeologizmleriň däl eýsem, nakyllaryň, atalar sözlerinin düzüminde hem köp mukdarda duş gelýär. Bularyň düýpli ylmy derňewe sezewar edilmegi dil biliminiň halkyň medeniýeti bilen baglanyşykly bölüminiň, ýagny, lingwokulturologiýanyň täze maglumatlara eýe bolmagyna getirer.

___

  • 1. AÇYLOWA, G. (1977). Häzirki zaman türkmen dilinde durnukly söz düzümleri, Aşgabat.
  • 2. ANNAMÄMMEDOW, A. (1965). H. Derýaýewiň “Ykbal” Romanynyň Frazeologiýasy. (Golýazma.kand.diss) Aşgabat.
  • 3. Annanurow, A. (1961). Diliň Sözlük Sostawy Hakynda. Aşgabat.
  • 4. ATAÝEW, S. (1959). Terjimäniň Käbir Meseleleri. Aşgabat.
  • 5. AZYMOW, P. (1945). Türkmen Leksikologiýasy. Aşgabat.
  • 9. MEREDOW, A. (1997). Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, I-II-III jildler, Gonbed Kabus.