TÜRKMEN DILINDE IŞLIGIŇ ÖTEN ZAMAN ŞEKILLERINIŇ ÖWRENILIŞI

İşlik grammatikada esasy kategoriýalaryň biri bolup, ol sözlemleri gurnaýan, dolandyrýan ähmiyetli dil serişdesidir. İşlik zamanlary bolsa hemişe sözlemiň habary hyzmatynda gelyär we dilde öran köp ulanylýar. Esasan-da, geplenilip durlan wagta çenli bolan döwürde amala aşan gymyldy-hereketiň yüze çykyşyny görkezýän serişdeler türkmen dilinde dürli-dürlüdir. Adamzadyň dili kemala gelen döwründen başlap, müňýyllyklaryň dowamynda dürli yagdaýy, gymyldy-hereketi aňlatmak üçin, bir hereketiň dowamly-dowamsyz, anyk ýa anyk däl, gepleýäniň özüniň şayatlygynda ýa eşitmegine görä bolup geçen işi, gymyldyny aňladýan yörite dil serişdeleri häzirki güne çenli kämilleşip gelipdir. Türki dillerde işligiň öten zaman şekili grammatikanyň iň wajyp we çylşyrymly kategoriýalarynyň biridir. Onuň ylmy taýdan öwrenilişi orta asyrlardan başlapdyr. Türkologlaryň bu mesele boýunça eden işleri, esasan, işligiň öten zaman şekilleriniň dürli meseleleri taryhy hem-de häzirki zaman türki dillerinde ösüşi, ulanylyşy bilen baglanyşyklydyr.
Anahtar Kelimeler:

Türkmen dili, işlik, öten zaman

Study of past tense forms of the verb in the Turkmen language

Verb is one of the main categories in grammar and it is an important language tool that organizes and controls sentences. Verb tenses always come in the service of the predicate of a sentence and are widely used in the language. In particular, the means of indicating the origin of the movement that took place in the period before the speech are different in the Turkmen language. From the time a nation and its language were formed, the following special language devices were found to denote the status and action of the verb: Progressive or non-progressive; definite or indefinite; the action experienced by the speaker or the action heard by the speaker. The past tense form of the verb in the Turkic languages is one of the most important and complex categories of grammar. Its scientific study dates back to the Middle Ages. The work of the Turkologists on this subject is mainly concerned with the development and use of various problems of the past forms of the verb in the historical and modern Turkic languages.

___

  • Allanazarow, O. (1975). Häzirki zaman türkmen edebi dilinde öten zaman. Aşgabat: Ylym.
  • Ahundow, A. we beýlekiler. (1960). Azerbaýjan diliniň grammatikasy. Baku: Elm.
  • Baskakow, N.A. (1951). Türk dillerinde –dy / -ty gatnaşyjylary, Moskwanyň Gündogar öwreniş institutynyň maglumatlary. Moskwa: Nauka.
  • Berdiew, R. (1988). Türkmen diliniň dialektlerinde we gepleşiklerinde işlikler. Aşgabat: Ylym.
  • Borjakow, A. (1959). Türkmen dilinde öten zaman ortak işligi (Учёные записки Ташаузского педагогического института). Daşoguz.
  • Çaryýarow, B. (1969). Günorta-günbatar türki dillerde işlik zamanlary. Aşgabat: Ylym.
  • Deny, J. (1920). Grammaire de la langue turgue (dialekte osmanli). Paris.
  • Dmitriýew, N.K. (1962). Türk dilleriniň gurluşy. Moskava: Nauka.
  • Gajarowa, E. (1990). Türkmen diliniň ýazuw ýadygärliklerinde işligiň öten zaman formalary. Aşgabat: Ylym.
  • Hojaýew, B. (1978). Häzirki zaman türkmen dilinde işlik formalary. Aşgabat: Ylym.
  • Kazembek, M.A. (1846). Türk-tatar diliniň umumy grammatikasy. Kazan.